Zähmet joşýar pellerde
“Ak altyn” hasaplanýan pagtany ak bagtyna deňeýän kärendeçi daýhanlar şu günler ýyl ýüzi halal zähmet siňdirip ýetişdiren hasylyny ýygnamak işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Kärendeçiler pagtanyň bir übtügini hem yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinip, tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatymyzda işine ezber, tejribeli kärendeçileriň ençemesi bar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bibitäç Nurmyradowadyr.