Gyzylgumda gyşa taýýarlanylýar

23 Oktýabr 2024
350

Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygy tutuş welaýatymyzda hem öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar. Maldarlar şu ýylyň baharynda ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdier. Ýakynda bolsa güýz gyrkymyny hem üstünlikli tamamladylar. Dowarlardan 8 tonna golaý ýüň ýygnaldy.

— Ýüň gyrkymyndan soň dowarlar özlerini has-da gowy duýýarlar. Güýzki öndürilýän ýüň arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony yrýa etmän ýygnadyk — diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Muzafar Hoçjyýew gürrüň berýär. — Maldarçylyk hojalygymyzyň dowarlarynyň 5280-si Gyzylgumuň sähralarynda bakylýar. Köpýyllyk iş tejribesi bolan çopanlar dowarlary kadaly ýagdaýda saklamagy başarýarlar. Şu güne çenli gyş üçin iri baldakly otlaryň 1272 tonnasyny ýygnadyk. Geçen möwsümlerden görnüşi ýaly, şunça möçberdäki ot dowarlarymyzy gyşlatmak üçin ýeterli bolýar. Emma şonda-da arkaýynlaşmaýarys. Otuň köp bolsa malyň dok boljakdygyna söz ýok — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Orunaý BABAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.