Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary ýere yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Şeýle janypkeş daýhanlar Sarahs etrabynda hem az däl. Ene toprak bilen bagry badaşan zähmet adamlarynyň hatarynda Baýramsoltan Çaryýewanyň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.
Etrabyň çäginde «Ummasyz hasyl» daýhan hojalygyny döreden Baýramsoltan Çaryýewa geçen ýylda ekerançylyk meýdanynyň 14 gektarynda gowaça ýetişdirip, şondan 54 tonna pagta, 20 gektarynda däne öndürip, 74 tonna bugdaý hasylyny aldy. Şeýlelikde, meýilnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen berjaý edip, ýyly üstünlikli jemledi. Gazanylan üstünligi has-da berkitmek, ýerlerden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak maksady bilen ol hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary bilen şu ýyl hem topraga turuwbaşdan azap siňdirdi.