Gyzyl hyýar

22 Oktýabr 2024
313

Gyzyl hyýar Thladiantha dubia, kädiler maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Ol Ýer ýüzünde onçakly giň ýaýramadyk hem bolsa, ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerinde gymmatly ekindir. Bu ösümlik köplenç bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Gyzyl hyýaryň gelip çykan ýeri Hytaýyň Demirgazyk-gündogar sebitleri we Uzak Gündogaryň günortasy hasaplanylýar.

Gyzyl hyýaryň baldaklary ýumşak tüýjagazlar bilen örtülip, ol 5 metre çenli ösmäge ukyply. Direg bolan ýerlerde ol aňsatlyk bilen murtjagazlarynyň kömegi arkaly ýokary dyrmaşýar we giň meýdany eýeläp bilýär. Onuň ýapraklary ýürek şekilli bolup, açyk ýaşyl reňklidir. Bu ösümlik güýze çenli gülleýär. Gyzyl hyýar iki öýjükli ösümlik. Miweleri görnüşi, ölçegi boýunça kiçijik hyýary ýada salýar. Bişip ýetişýän döwründe ýaşyl reňkden mämişi-gyzyl reňke geçýär. Miweleriniň üstünde oňat bildirip duran zolaklar bolýar. Miwäniň içindäki etlek bölegi gyzylymtyl reňklidir we onuň süýjümtik tagamy bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaral TAHYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.