Mary welaýatynyň hasyl ussatlary hormatly Prezidentimiziň daýhanlara, telekeçilerdir ýer eýelerine oba hojalyk önümleriniň bereketli hasylyny öndürmekde berýän hemaýat-goldawlaryna öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. Janypkeş zähmetkeşler özlerine berkidilen meýdanlarda bugdaýyň, gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Pudaga telekeçilik usuly giňden ornaşdyrylýar. Şeýle usulda zähmet çekýän ýer eýeleri Mary welaýatynda hem barmak büküp sanardan kän. Bu hakda gürrüň edilende, Ýolöten etrabynyň telekeçileri barada aýtmak has-da guwandyryjy. Şu ýyl etrap boýunça 12 müňden gowrak meýdana gowaça ekildi. Hasyl ussatlarynyň 2 müň 715-si şonça meýdanda bereketli hasyl ýetişdirdiler.
Etrabyň Momotaý geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Nurgözel Aganazarowa 40 gektar ýeri uzak möhletleýin peýdalanmak üçin hususyýetçilige aldy. Işewür zenan onuň 20 gektaryna bugdaý, galanyna gowaça ekýär. Ol şu ýylyň geçen orak möwsüminde bugdaý eken ýerinden 120 tonna ýokary hilli hasyl aldy. Häzirki wagtda bugdaý ekişini tamamlap, topraga indiki hyzmatlar bilen gümra. Ýene-de 20 gektar ýerde «ak altyn» ýetişdiren zenan pagta ýygymyna-da ilkinjileriň hatarynda girişdi. Onuň möwsümiň başyndan bäri döwlet harmanyna tabşyran pagtasynyň mukdary 46 tonnadan gowrak bolupdyr. Bu görkeziji her gektaryň hasyllylygynyň häzire çenli 23 sentnere golaýlandygyny aňladýar. Nurgözeliň ekin meýdanlarynda entegem hasyl kän. Zähmetsöýer zenan açylyşan gozalaryň bir hanasyny-da yrýa etmän ýygnap aljakdygyny ynamly aýdýar.