Oba hojalyk pudagy netijeli ösdürilýär

20 Oktýabr 2024
411

Ýurdumyzyň obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy köp derejede bu pudagyň netijeli, döwrebap ösdürilmegine, onda gazanylýan üstünliklere baglydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk toplumy ýokary depginler bilen ösdürilýär, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri we ylmyň soňky gazananlary önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly çykyşynda şeýle belläp geçdi: «Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berilýär.

Suwhannazar GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.