Bugdaý ekişi we ideg işleri

19 Oktýabr 2024
287

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän Kerki etrabynyň gallaçylary şu günler bugdaý ekişi bilen birlikde, eýýäm gögerip başlan ýaşajyk maýsaly meýdanlara ideg etmek işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Şu ýyl Watan harmanyna 22 müň tonna golaý guşgursak bugdaý goşan bu etrabyň zähmetsöýer gallaçylary sahy topraga hyzmat edip, bol hasyl almagyň nusgasyny görkezmek bilen, Lebap welaýatynda öňdebaryjylara öwrüldiler.

Her gektardan 60 — 65 sentner hasyl alýan kärendeçileriň sany bu ýerde müňden geçýär. Häzir bolsa «Hatap», «Mürzebeggala», «Gyzylaýak», «Azatlyk» daýhan birleşiklerinde bugdaý ekişi tamamlanyp barýar. Irki ekişiň irki bol hasyla eltýändigine gowy düşünýän daýhanlar öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerýärler: häzirki dowam edýän mizan döwründen soň gelýän akraba çenli bugdaý ekişini doly tamamlamak olaryň baş maksady. Pederlerimiz «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýipdirler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).