Dünýä medeniýetiniň mukaddes ojagy

16 Oktýabr 2024
375

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe naýbaşy gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy we medeni ýadygärliklerimiz hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkidurmuş adamzat jemgyýetinden galan yzlar — daşdan we demirden ýasalan zähmet gurallary, irki ekerançylyk we şäher merkezleri, köp sanly ýazuw we arheologik çeşmeler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň taryhy ýoluny beýan edýän, çeper aň kämilligi bilen ölçenilýän gymmatly ýadygärliklerdir. Şular dogrusynda oýlananyňda adamzat medeniýetiniň iň gadymy ojagy — Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Horezm-Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherler göz öňüňe gelýär.

Meşhur akademik W.M.Massonyň ýurdumyzda geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde ençeme gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Aw awlamagyň, hasyl ýygnamagyň, iki tigirli arabalaryň, atly-ýaragly gerçekleriň gaýa ýüzündäki şekilleri — gadymy sungat eserleri adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegini düzýär. Ussat alym tarapyndan edilen açyşlaryň subut edişi ýaly, adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli gadymy türkmen topragynda — Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir. Jeýtun atyň, sygryň we goýnuň ilkinji eldekileşdirilen ýeridir. Türkmenistanyň çäginde bagly-bakjaly ilkinji oba bolan Jeýtun häzirki Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda Jeýtun kaky — Çakmaklydepe diýen ýerde ýerleşýär.

Şatlyk ILMYRADOW,
Türkmenistanyň Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýadygärlikleri goramak we rejelemek bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.