Zähmetiň joşýan ýerinde
Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhananyň giň hem tämiz howlusynda hereket birjik-de togtamaýar. Nowalary «ak altyndan» doly ulaglar yzly-yzyna gelip, ýörite gapanlaryň üstünde saklanýarlar. Täze hasylyň agramy çekilenden soň, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada pagtanyň hili kesgitlenýär.