Azyk bolçulygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň ekişi Daşoguz welaýatynda hem guramaçylykly dowam edip, işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl welaýatyň gallaçylary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, ondan 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Welaýat boýunça her günde 2,5 müň gektara golaý meýdanda ekiş geçirilýär.
Möhüm möwsümiň häzirki aýgytly günlerinde ekin meýdanlarynda ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den gowragy, sürüm traktorlarynyň 600-si işledilýär. Bar bolan tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanmak, olaryň saz we gurat işledilmegini üpjün etmek üçin etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalary tehniki çäreleri utgaşykly alyp barýarlar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerinde welaýatyň Şabat, Görogly, Köneürgenç etraplary öňdäki hatarda barýarlar. Ak ekin ussatlary kadaly gögeren ýaş maýsalara ideg etmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Şabat etrabynda 16 müň gektar meýdanda ekiş geçirmek üçin her gün kuwwatly traktorlaryň 30-a golaýynyň, 15 müň 500 gektarda bu gymmatly azyk önümini ýetişdirýän Görogly etrabynda şeýle tehnikalaryň 21-siniň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şu günler dürli kysymly traktorlar, iş gurallary ak ekiniň ideg işlerinde utgaşykly ulanylýar.