Sahawatly toprakdan bol hasyl almakda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny kämil ýola goýmak pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen baglylykda şu ýylyň 19 – 20-nji sentýabry aralygynda ýokary guramaçylykly derejede «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly Halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Halkara ylmy maslahata daşary ýurtlardan tejribeli alymlar, oba hojalyk hünärmenleri gatnaşdylar we tohumçylyk ylmynda gazanylan üstünlikleri, bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň täze döredilen görnüşleri, gibridleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny ösdürmekde ýurdumyzyň türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyş boldular. Aýratyn hem, türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly bugdaýyň täze sortlarynyň sergide görkezilmegi uly gyzyklanma döretdi. Alymlaryň gazanýan şeýle üstünlikleri azyk bolçulygyny döretmekde strategiki ekin bolan bugdaýdan bol we ýokary hilli hasyl almakda täze mümkinçilikleri döreder. Ýurdumyzda bakja ekinleriniň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmekde hem önjeýli işler alnyp barylýar.