Sogap gazanýan bagban

15 Oktýabr 2024
423

Bag durmuşyň bezegi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýany we daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Il-ýurt bähbitli şeýle beýik işleri durmuşa geçirmekde saldamly goşandyny goşýan, öz hünärine ussat bagbanlaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynda ýaşaýan Bahram Babaýazowyň adyny obadaşlary uly hormat bilen tutýarlar. Ol öz maşgalasynda aýaly Gözel, ogly Iskender, gyzlary Sapargül, Leýli bilen ençeme ýyllardan bäri 0,64 gektar mellek ýerinde her ýylda 20 müň düýpden gowrak dürli görnüşli miweli, pürli, saýaly baglaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Taýýarlan nahallaryny edara-kärhanalara we ýaşaýjylara elýeterli bahadan ýerleşdirýär.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.