EKOLOGIÝA MEDENIÝETINIŇ ESASY ÝÖRELGELERI

1 Oktýabr 2024
364

Ekologiýa düşünjesi we tebigata söýgi bilen terbiýelenen ýaş nesillerde kämil ynsanperwer garaýyşlar kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaşaýyş endiklerini terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ekologiýa medeniýeti– bu adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyşyny üpjün edýän ýörelgeleriň jemidir. Şeýle hem tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegine täsir edýän ynsanperwer garaýyşlara esaslanýan düşünjeleriň jemidir. Ekologik bilim – bu ugra dahylly düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir.

Berkeli ATAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.