Geçmişe hormat

2 Oktýabr 2024
526

Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly eserinde: «Aşgabat taryhyň örän kyn hem-de çylşyrymly pursatlaryny hem başyndan geçirdi. 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly şäher sanlyja sekuntda ýer bilen ýegsan boldy. Bu elhenç ýertitremäniň awusyny datmadyk ýekeje maşgala hem galmandyr. Emma muňa garamazdan, şäheri täzeden dikeltmeli, täzeden gurmaly boldy. Şol ýyllarda iň ýönekeý ýaşaýyş-durmuş şertlerinden kesilen hem bolsa, aşgabatlylar öz şäherlerini taşlap gitmediler, öz mähriban şäherlerini dikeltmek işine olar ýürekden we göwün islegi bilen goşulyşypdyrlar. Gysga wagtda şäherde ýaşaýyş täzeden janlanypdyr. Iki günüň içinde demir ýol we bir aýyň dowamynda senagat önümçiligi ýola goýlupdyr. Aşgabady dikeltmegiň baş meýilnamasy işlenip düzülipdir» diýip belleýär. Arkadag şäherindäki Taryhy-medeni seýilgähinde oturdylan Aşgabat demir ýol menziliniň «uludan kiçeldilen» desgasynyň şekilini synlanyňda, şol ýyllaryň taryhyna atarýar.

Bu seýilgähde türkmen halkynyň beýik geçmişini göz öňüňde janlandyrýan ýadygärlikleriň, binalaryň şekil taslamalarynyň ýerleşdirilmegi geçmişimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Şol ýadygärlikleriň içinde Aşgabat demir ýol menzili aýratyn bellärliklidir. Taryha nazar aýlanymyzda 1881-nji ýylda Aşgabat şäheri esaslandyrylandan soň, 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Zakaspi demir ýoly bu ýere gelipdir. 1888-nji ýylda Aşgabatda ýolagçy demir ýol menziliniň jaýy gurlupdyr. Ýöne bu jaý 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesi zerarly weýran bolupdyr.

Gülşat SAPAROWA,
Aşgabat şäherindäki 65-nji orta mekdebiň müdiri.