Nur paýlaýan ak şäher

2 Oktýabr 2024
429

Orta asyrlar döwründe täze döwletleriň ýüze çykmagy ýa-da olaryň hökümdarlarynyň çalşyp durmagy bilen baglylykda paýtagtlaryň ýerleşýän ýerleri üýtgäp durupdyr.

Paýtagt derejesini ýerine ýetiren döwürlerinde şäherler ýa-da uly ilatly ýerler özleriniň uly meşhurlygyny gazanypdyrlar. Juda gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan şeýle uly ilatly ýerleriň biri hem Aşgabatdyr. Ol 1881 — 1917-nji ýyllar aralygynda rus dilindäki ähli çeşmelerde «Asgabat» diýlip atlandyrylypdyr. Aşgabat paýtagt derejesine eýe bolandan soňra, XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda şäherde özboluşly medeniýet ösüp ugrapdyr. Şol döwrüň metbugatynda «Asgabat Türküstanyň beýleki şäherleri, şol sanda Daşkent bilen deňeşdireniňde hem çalt ösýär» diýlip bellenipdir.

Şadurdy BABYLLYÝEW.