Merjen daşyna, başgaça, «koral» hem diýilýär. Ol gadymy, gymmatbahaly daşlaryň biri hasaplanylýar. Bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu daş deňiz polipleriniň ýaşaýyş ukyplylygynyň netijesinde emele gelýär. Polipler toparynyň ýyllarboýy deňiz suwunyň belli bir bölegini özüne siňdirmegi bilen, çökündiler emele gelip, olar koral, ýagny, merjen daşyna öwrülýär. Merjen daşynyň birnäçe görnüşleri bar. Olar: gülgüne, gök garamtyl gyzyl, ak we gyzyl tegmilleri bolan açyk gülgüne merjen, gawaý merjeni, koralyň iň ýönekeý görnüşi bolan ak merjenlerdir.
Bu gymmatbahaly daş ýylda 1 santimetr ulalýar. Rowaýata görä, merjen daşynyň ady ýunan diliniň «korallion» diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu sözüň manysy «deňizleriň ogly» diýmekligi aňladýar. Ýazuw çeşmelerinde «koral» sözüniň nemes diliniň «koralle» sözünden gelip çykandygy bellenilýär. Merjenler ýyly suwlarda tropik ýurtlarda kadaly ösmäge ukyplydyrlar. Tebigatda bu daşyň 6000 görnüşine duşmak bolýar. Şeýle-de merjen daşy daşky gurluşy boýunça agaç we ýelpewaç görnüşdedir. Merjenlerden, köplenç, her dürli monjuklar, şaý-sepler ýasalýar. Merjen daşyna, başgaça, «syýahatçylaryň daşy» hem diýilýär. Sebäbi irki döwürlerden bäri onuň adamy dürli betbagtçylyklardan, ýol azabyndan goraýandygyna ynanypdyrlar. Şeýle-de bu daş adamyň ýatkeşligini gowulandyrýar. Merjen daşy bedeniň saglygy, ruhy dünýämiziň özgermegi üçin-de peýdalydyr. Käbir halklarda merjen daşyna «aždarhanyň daşy» (drakonit) hem diýilýär. Bu daşy arzuwçyl adamlara dakynmak maslahat berilýär. Sebäbi bu daş olaryň hyýallarynyň özgermegine, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam edýär.