Şu wagta çenli asman giňişligini, ýyldyzlary, planeta—saýýarlary öwrenýän alymlar, astronawtlar biziň ýaşaýan Ýer togalagymyza meňzeş ululy-kiçili planetalaryň bardygynyň üstüni açsalar-da, olarda ýaşamak üçin şertleriň ýeterlik däldigi subut edildi. Olaryň käbirinde howa — kislorod ýetmezçilik etse, käbirinde suwuň ýokdugy ýa-da — 80 derejä çenli sowugyň, kähalatda +60 derejeden geçýän gyzgyn howanyň bolýandygy mälim edildi. Häzirki wagtda Ýere meňzeş planetalaryň 2 müňden gowragy hasaba alyndy.
Ýakynda SPECULOOS taslamasyna gatnaşýan astronawtlaryň halkara topary biziň ýaşaýan Ýerimizden 55 ýagtylyk ýyl uzakda ýerleşýän täze bir saýýaryň — planetanyň üstünden bardylar we ony taslamanyň hormatyna «SPECULOOS-3b» diýip atlandyrdylar. Bu planeta göwrümi boýunça Ýere juda meňzeş bolup, ol iň sowuk ýyldyzlaryň daşyndan aýlanýar. Geçirilýän gözegçiligiň netijelerine görä, onda bir gije-gündiziň dowamlylygynyň 17 sagada deň bolup, Günüň ýylylygynyň iki esse, ýagtylygynyň bolsa 100 esse azdygy anyklanyldy.