Medeni habarlar

5 Sentýabr 2024
77

Türkmen aýdymçysynyň ýeňşi

Şu ýylyň 26-30-njy awgusty aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Dünýäniň 80 döwletinden 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen festiwalda Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Annamyradowyň, Döwlet Daňatarowyň gyjakda, dutarda, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradowyň depde sazandarlyk etmeginde «Düşmüşem», «Dagarman», «Maral zeýrendi», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Türkmen aýdymçysynyň çykyşy emin agzalary tarapyndan birinji orna mynasyp görüldi we oňa festiwalyň Diplomy, pul baýragy hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar