Teatr we sirk möwsümine uly joşgun bilen

4 Sentýabr 2024
55

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň iýun aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşypdy, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi barada dürdäne pikirlerini aýdypdy, täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beripdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli teatrlarda Magtymguly Pyragynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň ýaşlara görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny hem belläpdi. Şundan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde täze döredijilik möwsümi beýik akyldaryň ömrüne, döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary, sirk tomaşalary bilen açyldy.

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny bilen teatry söýüjilere gapylaryny giňden açdy. Bu sahna oýnunda Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady, ruhy halypasy Nagyşbendi, dosty Durdy şahyr, aşyk gyzy Meňli bilen aýdyşyklary, şol döwrüň çylşyrymly wakalarynyň çatrygynda şahyryň şygyrlarynyň halkyň ruhy şamçyragyna öwrülmegi bilen bagly wakalar beýan edilýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar