Gözel tebigatyň goragynda

30 Awgust 2024
602

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. Bu işler tebigy gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyndan ugur alnyp, günbe-günden gözelleşýän ýurdumyzda ýylyň-ýylyna saýaly, pürli we miweli baglaryň nahallary oturdylyp, seýilgählerdir aýna ýaly tekiz ýollar dürli görnüşdäki güller bilen bezelýär. Bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladanyň buýsançly beýanyna öwrülýär. Tebigatyň eçilýän gözelliklerini gorap, daş-töweregimizi abadanlaşdyrmak, bag nahallarynyň ösüp, saýa bermegini gazanmak bolsa nesilleriň geljegi baradaky alada bolup durýar. Şeýle asylly işlere goşandymyzy goşmak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Gülruh Kakyşewa,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory.