«Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ähmiýeti

27 Awgust 2024
754

Biziň ata-babalarymyz suw hakynda: «Suw akar — göz bakar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw» diýen ýaly ençeme nakyllary we ganatly sözleri döredipdirler. Elbetde, ýurdumyzda suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemme şor suw akabalarynyň suwlaryny bir köle ýygnamak üçin 2000-nji ýylyň awgust aýynda Merkezi Garagumda «Türkmen kölüni» döretmek hakynda» taryhy karar kabul edildi. 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 15-ne «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy boldy.

Tawus GOÇMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.