Rowaýata siňen zenan wepadarlygy

21 Awgust 2024
789

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda diňe bir ýurdumyzyň taryhy hakyndaky maglumatlar däl, eýsem, türkmen halkynyň urp-adatlary, edim-gylymlary hakynda hem ençeme maglumatlar getirilýär. Kitapdaky rowaýatlaryň köpüsiniň gönüden-göni, käbiriniň bolsa setirasty manysy bilen zenan maşgalanyň ruhy dünýäsine aralaşýarsyň. Hut şu nukdaýnazardan biz aşakda «Daýahatyn» rowaýatynyň üsti bilen türkmen zenanynyň ruhy dünýäsini yzarlamaga, rowaýatyň many-mazmunyny mümkingadar seljermäge synanyşdyk.

Rowaýatyň gysgaça mazmuny şeýle.Bir ýeriň hökümdarynyň örän asylly aýaly bolupdyr. Ýöne içigaralaryň biri hökümdaryň öz aýalyna müňkür bolmagyny gazanmak üçin hile guraýar. Hökümdar aýaly hakdaky aýdylýan gep-gürrüňlere ynanyp, namys edip, derwüş sypatyna girýär-de, öýüni taşlap gidýär. Baýhatyn adamsyna wepalylygynyň subutnamasy hökmünde kaşaň kerwensaraý gurdurmagy niýet edýär. Kerwensaraýyň gurluşygyna bolsa dünýäni aýlanyp ýören adamsy hem işçi bolup gatnaşýar. Baýhatyn öz adamsyny tanaýar we mähelläni ýygnap, uly dabara edýär hem-de adamsyna ýalňyşandygyny duýar ýaly ýagdaý döredýär. Şeýdibem rowaýat şowly jemlenýär.

Akmyrat JUMAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.