Änew şäheriniň gözel künjekleriniň birinde weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlary saklanýan toplum ýerleşýär. Bu toplum Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlipdi.
Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň, ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň özboluşly ýol-ýörelgelerini döredipdirler. Asyrlarboýy kämilleşdirilip, daşky gurşawy, şol sanda haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen kadalar bu gün ýurdumyzda has-da berkidilýär. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň weterinariýa bejerişhanasynyň alyp barýan işlerinde-de aýdyň ýüze çykýar.