Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň bähbidi

14 Awgust 2024
738

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, bu babatda ähmiýeti uly bolan başlangyçlary öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri has-da işjeň dowam etdirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilip, uly goldaw tapýandygy bu günki gün hemmelere mälimdir.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyz Amyderýadan Hazar deňzine, Aýböwür gyrlaryndan Köpetdagyň gerişlerine çenli aralykda giň meýdany eýeleýär. Başgaça aýdylanda, onuň meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, şonuň 80 göterimden gowragyny Garagum çöli, galan bölegini medeni zolaklar, suw mesgenleri tutýar. Şundan görnüşi ýaly, ata Watanymyz öz çäkleriniň giňligi boýunça dünýäde öňdäki hatarlarda durýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».