Terbiýe mekdebi

8 Awgust 2024
600

Alym Arkadagymyzyň nesihat edişi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerinde beýan edilen nesihatlar, ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy biziň üçin terbiýeçiligiň täsirli gurşawyny döredýän görelde mekdebidir. Munuň şeýledigine milli edebiýatymyzyň terbiýeçilik täsirine ýugrulan görnükli eserleriniň her birini okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Şolaryň hatarynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserindäki perzendiň ene-atanyň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirlerini, mähire hem-de söýgä ýugrulan şygyrlaryny okanyňda hem terbiýeçilik işini pederlerimiziň durmuşlarynda  manyly maksada öwürendiklerine düşünýärsiň. Milli Liderimiziň nesihat edişi ýaly, halal zähmet bilen abraý-mertebämizi beýgeltmek ählimiziň perzentlik borjumyzdyr. Elbetde, beýik maksatlara ýetmek üçin tutanýerlilik bilen döredijilikli zähmeti durmuşdaky maksadymyza öwürmeli.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.