Öý her bir maşgalanyň ýaşaýan mukaddes ojagydyr. Öý-ojak, maşgala mukaddesligi hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzylyp çykan, akyl dürüne, paýhas goruna ýugrulan ajaýyp eserlerindäki manyly setirler kalbyňy gaplap alýar. Alym Arkadagymyzyň: «... öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir... Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýen paýhasly setirleri, öý-ojagyň türkmen maşgalasy üçin beýik mukaddeslikdigini aýdyň ýüze çykarýar. Halkymyzyň arasynda: «Öý — öwlüýä» diýlip ýöne ýere aýdylanok. Öýüň öwlüýä deňelmegi, onuň mukaddeslik saýylmagydyr.
Ýurduň, jemgyýetiň tertip-düzgüni, abadançylygy, sagdynlygy, agzybirligi maşgalanyň sagdynlygyna, abadançylygyna, tertip-düzgünine, agzybirligine baglydyr. Maşgala berk bolanda jemgyýet hem berk bolýar, jemgyýet berk bolsa ýurt sarsmazdyr. Bu babatda alym Arkadagymyz: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär» diýip, örän jaýdar belleýär.