Şahyryň sowgady

2 Awgust 2024
749

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat guraldy. Bu zyýarata Türkmenistandan baran wekiliýetiň düzüminde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili hökmünde maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Türkmen edebiýatynyň iki ägirdiniň egin deňläp ýatan aramgähinde dünýä meşhur akyldarlarymyzyň ruhlaryna salama barlan pursatlarda Türkmenistandan baranlar ýerli türkmen watandaşlarymyz bilen örän tolgundyryjy duýgulary başdan geçirdiler. Goňşy döwletde ýaşaýan ildeşlerimiziň senaly dillerinde Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň ruhlaryny tirsegine galdyryp, olary hatyralap, şeýle-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň türkmenistanly watandaşlary bilen didarlaşmagyna döreden mümkinçilikleri üçin iki ýurduň Prezidentlerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza soňsuz alkyşlar beýan tapdy.

Sapar tamamlanyp, ulaga münjek bolup duran wagtymyz ýanymyza Eýranda ýaşaýan iki sany türkmen gelni gelip, salamlaşdy we öz maşgalalarynda asyrlaryň dowamyndan bäri täsin asygyň maşgala mukaddesligi hökmünde örän aýawly saklanýandygy we bu asygy Magtymguly işanyň hut öz eli bilen ýasandygy baradaky gürrüňiň asyk bilen bilelikde nesilden-nesle geçip gelýändigi baradady. Bizi bu gürrüň örän gyzyklandyranam bolsa, ýola ugraljak bolup duranlygy sebäpli, telefon belgilerini alşyp, bu gürrüňe dolanjakdygymyzy aýdyp, gelinler bilen hoşlaşdyk.

Güljan HOJALIÝEWA,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bilen işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni.