Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

2 Awgust 2024
532

Çagalaryň gyzykly, her pursady ýatda galyjy wakalara baý bolan tomus paslynyň soňky aýyna-da gadam basdyk. Golaýlap gelýän täze okuw ýylyna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, düýn Diýarymyzyň dürli künjeklerinde mekdep bazarlary ilata islegli harytlaryny hödürläp başladylar. Biz muňa Aşgabat şäherindäki 2-nji Teke bazaryna baranymyzda-da magat göz ýetirdik.

— Mekdep bazaryna gelýän müşderileriň sany barha artmak bilen. Bu ýerde okuwçylara hem-de talyplara Türkmen döwlet neşirýat gullugy we hususy telekeçilerimiz tarapyndan taýýarlanylan okuw önümleridir esbaplary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli tikinçilik kärhanalarynda öndürilen okuw lybaslarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Hususan-da, mekdep bazarlarynda «Hasap», «Ussat halypa» hususy kärhanalary tarapyndan öndürilen gündelikdir depderler, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň okuwçy oglanlar üçin penjekleri, «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň okuwçy gyzlar üçin taýýarlan köýnekleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň inçe süýümli pagtadan taýýarlanylan ak köýnekleri agdyklyk edýär. Okuw esbaplarynyň daşky bezeginde paýtagtymyzdaky gözel binalaryň, gadymy milli gymmatlyklarymyzyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki taryhy ýadygärliklerimiziň şekilleri ýerleşdirilipdir. Ýaşlarymyzy gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmek mekdebe taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir — diýip, satyjy Gurbangeldi Aşyrow gürrüň berdi.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.