Ene sözi — keramat

24 Iýul 2024
827

Maşgalanyň mukaddesligi enäniň söýgüsinde, onuň mylaýym owazly ýaňlanýan hüwdi setirlerinde jemlenýär. Şonuň üçin maşgala barada gürrüň gozgalanda, enäniň keşbi ýüregiňde janlanyp, ynsan kalbynyň owazyna öwrülen mylaýym hüwdüsi gulagyňda ýaňlanýar.

Her bir zadyň, hatda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanlaryň hem serhedi bolýar. Emma ynsanyň ýüreginde özüniň mukaddesligi bilen aýratyn orun eýeleýän, hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmaýan ene söýgüsiniň çägi, serhedi asla bolmaýar. Dünýädäki iň keramatly sözler ene sözünden gözbaş alýar. Çünki «Ene» diýen sözüň mähir-muhabbeti, keramatly güýji bar. Eneler maşgalanyň mizemez sütünidir. Şonuň üçin mährem enelerimiziň waspy şahyrlaryň şygyrlarynda belentde ýaňlanýar. Gözelligi dünýä nusga enelerimiziň çäksiz söýgüsini şahyr Berdinazar Hudaýnazarow «Ene we ogul» atly şygrynda şeýle beýan edýär:

Selbi ABDYRAHMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap geňeşiniň hünärmeni.