Ter önümlerden tagamly nygmatlar

21 Iýul 2024
638

Tomus-güýz aýlarynda ter pomidorlar we olardan taýýarlanan işdäaçarlar, gyşyna bolsa pomidor goýultmasy saçaklarymyzyň aýrylmaz bölegi, dürli tagamlary taýýarlamakda ornuny tutup bolmajak nygmat hasaplanýar. Tomsuň bereketli günleri öý bikelerinden başlap, azyk senagatynda iş alyp barýan hususy telekeçiler üçin gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan jogapkärli döwrüdir. Çünki bu döwürde ýetişýän pomidorlardan gyş üçin goýultmasy we marinadlanan önümler taýýarlanylýar. Aramyzda şeýle önümleriň öý şertlerinde taýýarlanylyşyny görmedigimiz az bolsa gerek. Lezzetli nygmatyň senagat möçberinde öndürilişi hem şondan düýpgöter tapawutlanmaýar. Bu ýerde esasy tapawut kärhanada işleriň esasy böleginiň awtomatlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilip, önümiň ýaramlylyk möhletiniň ýokary bolýandygyndadyr. Bizem pomidor goýultmasynyň önümçiligi bilen ýakyndan tanyşmak üçin ençeme ýyl bäri halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýän «Noş» haryt nyşanly önümleri öndürýän «Parasatly ülke» hususy kärhanasynda myhmançylykda bolduk.

Täzeçillikleriň gözleginde bolup, işleri yzygiderli kämilleşdirmek telekeçiler üçin möhüm wezipedir. Telekeçi Rüstem Allanazarow hem 2012-nji ýylda halkymyza hödürlenilip gelinýän «Noş» haryt nyşanly önümleriň öndürilişini kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 29-njy iýunynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynyň çäginde täze önümçilik toplumyny işe girizdi. Täze işe girizilen «Parasatly ülke» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumynyň eýeleýän umumy meýdany 4 gektara barabar. Ýewropanyň we Türkiýäniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 150 — 200 tonna barabar ter pomidor kabul edilip, şondan 40 — 50 tonna barabar konsentrirlenen pomidor goýultmasy öndürilýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».