Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

22 Iýul 2024
684

Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy.

Döwletabat gazkondensat käni 1974-nji ýylyň ýanwar aýynda 1-nji belgili ölçeg (parametriki) guýudan 2 müň 292 metr çuňlukdan synag işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen açyldy. Döwletabat gurluşy (strukturasy) 1969 — 1971-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gaz ýatagy tektoniki taýdan Gümmezli-Döwletabat gemiantiklinalyna we Bathyz-Garabil monoklinal ýapgydyna degişlidir.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».