Ylym-bilimde belent üstünlikler

21 Iýul 2024
750

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän döwlet ähmiýetli maslahatlarda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri goýulýar. Şeýle hem ýaşlarymyzyň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini düýpli bilmeklerini gazanmak maksady bilen, daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary işjeň ornaşdyrylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullaryny ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara guramalary, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary we merkezleri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär.

Şeýle hem häzirki zaman ölçegleriniň derejesindäki bilim ulgamyny kemala getirmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Diýarymyzda multimedia serişdeleri we habar beriş we internet ulgamy bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi we bu wajyp iş depginli dowam etdirilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär. Okatmagyň häzirki zaman, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Birnäçe ugurlar boýunça orta we ýokary okuw mekdepleri açylyp, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamyny ösen ýurtlaryň derejesine çykarmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde, bu ugurda dünýä döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda döredilen «Parahatçylygyň dilleri» atly ÝUNESKO-nyň kluby hereket edýär. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Bu işleri has netijeli alyp barmakda dünýä dillerini öwredýän, bu ugurda ýokary derejeli dilçileri we terjimeçileri taýýarlaýan bilim ojagy bolan institutymyzyň öňünde uly wezipeler durýar. Bu guramanyň işlerine institutymyzyň talyplary we mugallymlary işjeň gatnaşýarlar.

Maral HOJADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar