Bilimli nesil röwşen geljegimizdir

21 Iýul 2024
791

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir.

Şu günler ýurdumyzyň dürli ýerlerinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi dowam edýär. Ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdepleri, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini görkezmek bolar. Biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň we ýapyk binada sport toplumynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Atajan ILLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar