Nusgalyk eserler
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserlerini okuw sapaklarynda, sapakdan daşary çärelerde, aýratyn-da, türkmen dili we edebiýat derslerinde döredijilik, gyzyklanma sapaklarynda peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary biziň her birimiz üçin ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçin hem sapakda we terbiýeçilik işinde bu eserlerden peýdalanylýar. Nusgalyk eserlerdäki degişli sözler, sözlemler, gepleşikler, durmuş pursatlary sapak bilen baglanyşdyrylanda sapagyň täsirliligini artdyrýar.