Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen ýörelgesinden ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülerine laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.
Bilim we ylym jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadydyr. Şundan ugur almak bilen, ýurduň ylym, bilim we tehnologik mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar.