Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlan uçurymlary hem-de hünär bilimini almaga isleg bildirýän raýatlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp başladylar. Bu möhüm möwsüm ýaş nesliň durmuşynda aýgytlaýjy ädim bolmak bilen, geljekki hünäriňi dogry saýlamak ykbal kesgitleýji pursatdyr. Çünki adam kämillik ýaşyna ýetenden soň, onuň wagtynyň agramly bölegi iş ýerinde, işdeş ýoldaşlarynyň arasynda geçýär. Şeýle-de adam öz zähmeti, döredijilikli işi bilen abraý-mertebe gazanýar. Munuň özi ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň isleginiň, aýratyn-da, ukyp-başarnygynyň aýratynlyklaryna görä hünäri dogry saýlamaklaryny gazanmak bilen bagly möhüm wezipäni orta çykarýar.