Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyplary şu günler tomusky okuw tejribeligini geçýärler.
Talyplaryň tejribeligi welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, şonuň ýaly-da çagalar bakja-baglarynda guralýar. Olar tejribeli bilim işgärleriniň halypalyk etmeginde öňdebaryjy iş usullaryny öwrenýärler. Şeýle tejribelikler talyplaryň geljekki kesp-kärlerinde kämilleşmeklerinde, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklarynda uly ähmiýete eýedir.