Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby Mekan Nurmämmedow hem gatnaşyp, zehin başarnygyny görkezdi. Ýaş alym Mekan Nurmämmedowyň ylmy işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Dünýägözel Amanmuhammedowa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän kanuny düzgünleri açyp görkezip, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna teklipleri bermäge uly ýardam etdi.
Döwletimizde ylymly-bilimli ýaşlarymyzyň ýetişip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda goşant goşmaklary üçin oňyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!