Ylym-bilime aýratyn sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ulgamy kämilleşdirmeklige uly üns berip, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim, döwrebap terbiýe bermek boýunça bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Bilim bermegiň ýokary hilli usullaryny, dünýä tejribesini ulgama ornaşdyrmak, okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, dürli derejedäki okuw mekdeplerini kompýuterleşdirmek, internet ulgamyny elýeterli etmek, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly işler munuň aýdyň mysallarydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhunda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk. Häzir Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalary, ýaşlary bilimleriň çuňluklaryna aralaşýarlar, öwrenýärler, döredýärler we ynamly gadam urýarlar» diýen çuň manyly sözleri bu ugurda nusgalyk ýörelgedir. Bize şular ýaly ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!