Talyplyga dalaşgärleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri ýetip geldi. Şu hepdäniň duşende gününden ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul edişlik başlandy. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik dowam edýär. Etrap-şäherlerimizdäki ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçirilýär.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu möhüm işe guramaçylykly girişildi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny çalt we bökdençsiz tabşyrmaga mümkinçilik döredilýär. Häzire çenli institutda hünärleriň 18-si boýunça talyplara bilim berilýärdi. Täze okuw ýylyndan başlap, defektologiýa hünäri boýunça hem talyplar okadylyp başlar.