Awaza — gözellik mekany

15 Iýul 2024
791

Gojaman Hazaryň türkmen kenary Diýarymyzyň iň gözel künjeklerniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ajaýyp ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen deňiz kenary has özgerdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Awaza» taslamasy Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklar üçin geljekki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bu taslama dünýäniň binagärçilik we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Geçen ýyllarda bu täsin künjekde häzirki zaman myhmanhanalary, sagaldyş merkezleri, kottežler, sport maksatly desgalar, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki ençeme desgalar guruldy. Bu ajaýyplyklar göreniň aklyny haýrana goýýar hem-de maşgala dynç alşy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.