“Uzynada” — baýlyklar käni

20 Iýun 2024
513

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda-da döwrebap işler bitirilýär. Şeýle işler, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyla-da mahsus ýörelgedir. Toplumyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň günbatar sebitde iş alyp barýan dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary bu ugurda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir.

Baýry, şol bir wagtyň özünde-de, düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig malynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Türkmen topragynyň genji-käni bilnen «gara altynly» ýataklary gözläp tapyp, olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýyldan gözbaş alýar. Şol ýyl gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylan 1-nji belgili guýudan bir gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 25 tonnadan hem geçipdir. Hut şu buýsançly wakanyň özem soňy bilen «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň dürli ýataklardaky işleriniň depginini ymykly ýokarlandyrmaga badalga berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar