Bahasyz hazyna

15 Iýun 2024
1025

Balyga suwuň zerur bolşy ýaly, ynsanyň hem ruhy dünýäsini gandyrmaga, onuň ýörejek ýoluny salgy bermäge bir zerurlyk, sebäp gerek. Ol zerurlyk bolsa adamyň ömrüniň manysyny kesgitlemäge, ýaşaýşyny gözelleşdirmäge ýol açýar. Ine, şeýle zerur gymmatlyklaryň biri-de ylym-bilimdir. «Balygyň diriligi suw bilen» diýlişi ýaly, ynsanyň kämilligi, akyl-paýhasy hem ylym-bilim bilen hasyl bolýar. Ylym-bilim bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlyk, ruhy hazynadyr.

Ylym-bilimiň zerurlygyna göz ýetiren her bir ynsan ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätläp, bilim dünýäsine sary gadam goýýar. «Harplyk» kitabyndan başlanan ýol soňabaka durmuş menzillerine tarap uzalyp gidýär. Ynsan ilkinji ädimlerini ylym-bilim dünýäsinden başlaýar. Şeýdibem, ol ömrüň iň gyzykly, manyly günleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW,
«Güneş».