Breýn-ring bäsleşigi geçirildi

15 Iýun 2024
338

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu ugurdan talyplaryň sowatlylygyny artdyrmak, düşünjelerini ösdürmek maksady bilen bäsleşiklerdir olimpiadalar geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi hem munuň bir mysalydyr. Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşikde Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky gatnaşyklar, guramanyň döreýiş taryhy, onuň ähmiýeti baradaky sowallar berildi. Munuň üçin 10 sany topar özara bäsleşdi. Jemi 50 soragy çözmek üçin, oňa şonça minut wagt berildi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň, üçünji orny Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplar toparlary eýelediler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar