Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim- paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Magtymguly öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna gymmatly mirasy bagyşlady. Şahyryň dünýäniň gurluşy, dürli döwletler we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, dana kişiler, halk eserleri baradaky aýdanlary onuň şygyrlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Magtymgulynyň «Bu dünýä», «Näler görüner» goşgularynda dünýäniň giňligi, onuň köptaraplylygy barada habar berilýär: