«Barlygyň hem bakylygyň teswiri»

30 Maý 2024
806

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýaratdan galan täsirler

Sözbaşa çykarylan bu setir, elbetde, şygyr hakynda, ýöne hemme şygra, hemmäniň şygryna beýle baha berilmeýär. Göwnüňe jaý sözem, baha-da göwnemakul saýylýar. Üstümizdäki ýyla ady dakylan, doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä ýüzünde dabaraly bellenilýän umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň şygry babatda döwürdeş şahyrlarymyzyň biriniň bu setirini juda jaýdar göremsoň aldym. Hawa, biziň bu gün öwrenýän, syrly setirlerini teswirlemäge synanyşýan şahyrymyz bireýýäm tutuş dünýäni teswirläp geçipdir. Oňa düşünmek — dünýä düşünmek. Magtymgulyny ýeke okamaly däl, ýeke öwrenmeli däl, ol tutuş halk, millet, külli adamzat bolup öwrenilmeli akyldar şahyr.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan». Aşgabat — Gülüstan — Aşgabat. 14 — 16-njy maý.