Halkyň ruhy akabasy

24 Maý 2024
546

Ýakynda çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabaralary şu günler giň gerimde dowam edýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem täsirli boldy. Oňa degişli ulgamlaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, magtymgulyşynaslar, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan tanyşdyrylyş çäresinde, ilki bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň ýurdumyzda we bütin dünýäde uludan dabaralandyrylyşy, onuň döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşyndaky orny hakda edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra degişli ulgamlaryň wekilleriniň, magtymgulyşynaslaryň, professor-mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen täze kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik baradaky filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, şu mynasybetli halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, şahyryň paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Amangül ESENMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.