Türkmen halysy asyrlardan aşyp, heňňamlardan geçip, şu günlerimize gelip ýeten deňsiz-taýsyz gözellikdir. Ol diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, sungat derejesine ýetirilip, ajaýyp esere öwrülipdir. Nepis halylarymyz türkmen halkynyň taryhyndan, däp-dessurlaryndan dünýägaraýşyndan habar berýär. Ondan gelin-gyzlaryň ýürek mährini, zenan kalbynyň owazyny eşitmek, duýmak bolýar. Haly türkmeniň soňlanmajak aýdymlar çemenidir. Hut şonuň üçin-de bu gün türkmen zenanlary iň gowy zatlary, gözellikleri öz dokaýan halylaryna çitýärler. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bolsa hala çitilýän nagyşlaryň, adam keşpleriniň has-da gözel, gelşikli bolmagy üçin tagalla edýär. Birleşigiň hünärmenleri şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dana şahyryň keşbini hala çitip, onuň her bir türkmeniň öýüni bezemegi üçin zerur bolan işleri amala aşyrmaga girişdiler. Olar akyldar şahyryň keşbi şekillendirilen eserleriň ençemesini gözden geçirdiler. Hatda onuň käbir heýkeline-de nazar aýladylar. Iň soňunda Magtymguly Pyragynyň:
Pikir derýasyna aklym gämisin,
Batyrmyşam, geçe bilmen, neýläýin?! —