Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly magtymgulyşynaslar we talyp ýaşlar jemlendi. Bu ýerde ýakynda çapdan çykan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärede ýurdumyzyň sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen köpöwüşginli çykyşlara hem orun berildi.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylan beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de neşir edilen «Magtymguly» atly şygyrlar ýygyndysynyň ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýeti, söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň uly dabaralara beslenişi hakda gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň ruhy-edebi mirasyna goýulýan belent sarpany şöhlelendirýän işler barada halypalaryň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.