Bu şanly güne ähli türkmen ili, aýratyn hem edebiýat, sungat bilen iş salyşýan adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdy, sebäbi gojaman Köpetdagyň etegindäki baýyrlykda bina edilen Magtymguly şahyryň buýsanjaň heýkeli halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň, geljeginiň arşa göterilmesidir. Oguz handan, Gorkut atadan gözbaşly milli ruhyýetiň dabaralanmasy, şahyryň edebi mirasyny öwrenmäge, nesilden-nesle geçirmäge ömrüni bagyş eden edebiýatçylaryňdyr bagşy-sazandalaryň zähmetine sarpanyň belentlige galmasydyr.
Magtymgula Köpetdagyň eteginde belent heýkel dikmek türkmeniň köňlünde göterip gelen arzuwydyr diýsek, ýerlikli bolardy. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen wysala gowuşdy. Özem Milli Liderimiz bu asylly işiň badalga alaly bäri, ol ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen içgin gyzyklanyp durdy. Medeni-seýilgäh toplumynyň binagärliginde ulanyljak gurluşyk serişdelerinden başlap, ekiljek bag nahallarydyr beýleki gözellik serişdeleri, Magtymguly Pyragynyň hem-de dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy söz ussatlarynyň oturdyljak heýkelleri barada öz gymmatly belliklerini, pikirlerini paýlaşdy.